Oýun sanawy


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna günki mejlisinde täze 2026–2027-nji okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer Batyr Mämmedowyň hasabaty diňlenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçer.
Däp bolşy ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar gününde 1-nji synpa barýan okuwçylaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Bilimli» noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Şeýle hem Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berler.
Mundan başga-da, welaýatlarda täze bilim edaralary işe giriziler:
Ahal welaýatynda: 960 orunlyk orta mekdep we 320 orunlyk çagalar bagy;
Daşoguz welaýatynda: 240 orunlyk çagalar bagy;
Lebap welaýatynda: Her biri 1 müň orunlyk 2 sany orta mekdep.
Sentýabr aýynyň dowamynda bolsa ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyk çäre geçiriler. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bu dabaralary we gözleg-sagaldyş çärelerini ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.