Oýun sanawy


Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy dynç alyş günleriniň öňüsyrasynda raýatlara ýörite ýüzlenme bilen çykyş etdi. Milli seýilgählere, dag eteklerine we beýleki tebigy künjeklere gezelenç edýänleriň sanynyň artmagy sebäpli, ýangynlaryň öňüni almak we ekologiýa durnuklylygyny saklamak maksady bilen berk gözegçilik düzgünleri girizildi. Bu çäreler ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýurduň ösümlik dünýäsini goramaga gönükdirilendir.
Hukuk goraýjy edaralar tarapyndan berilýän görkezmelere görä, ýaşaýyş we dynç alyş zolaklaryna golaý ýerlerde gurak otlary arassalamak we gorag zolaklaryny döretmek işleri hökmany hasaplanýar. Şeýle hem elektrik ulgamlarynyň kadaly işlemegi üçin agaç şahalarynyň simlere degmeginiň öňüni almak we tehniki kadalary berjaý etmek talap edilýär. Tebigy meýdanlarda ulanylýan ähli ulag serişdeleri bolsa ýörite uçgun söndürijiler bilen üpjün edilen bolmalydyr.
Açyk meýdanlarda ot ýakmak, söndürilmedik çilim galyndylaryny taşlamak ýa-da islendik görnüşdäki uçgun döredip biljek serişdeleri ulanmak berk gadagan edilýär. Hünärmenler aýna bölekleriniň we beýleki galyndylaryň gün şöhlesiniň täsiri bilen ýangyn döretmäge ukyplydygyny duýdurýarlar. Şol sebäpli, tebigaty zibillerden arassa saklamak we ýangyn döredip biljek islendik himiki ýa-da ýagly serişdeleriň meýdana taşlanmagyna ýol bermezlik möhüm şertdir.
Bulardan başga-da, ene-atalara dynç alyş wagtynda çagalary gözegçiliksiz galdyrmazlyk we ulag serişdelerini diňe bellenen ýollarda ulanmak maslahat berilýär. Tebigy çäklerde tehnikalara hyzmat etmek ýa-da ýangyç guýmak işlerini geçirmek hem düzgün bozma hasaplanýar. Bu talaplaryň gyşyksyz berjaý edilmegi her bir raýatyň borjy bolup, ol janyň we emlägiň howpsuzlygynyň girewidir.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.