Oýun sanawy

«Ýola Rowana» biznes okuw merkezinde maliýe ösüşi baradaky trening üstünlikli geçirildi

25 Iýul. 08:28

Maliýe üstünligi diňe bir bagtyň çüwmegi ýa-da tötänlik däl. Onuň düýp mazmunynda pikirleniş derejesiniň tapawudyyatyr — edil şu zat käbir adamlaryň ýyllar boyy bir orunda galmagyna, başgalaryň bolsa öz biznesini yzygiderli ösdürmegine sebäp bolýar. «Ýola Rowana» biznes okuw merkezinde geçirilen «Baýlaryň we garyplaryň pikirleniş strategiýasy» atly praktiki trening edil şu möhüm temalara bagyşlandy.

 

Çäräniň programmasy hakyky durmuşy mysallary seljermäge we girdejä bökdeçlik edýän içki päsgelçilikleri tapmaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar päsgelçilikleriň ýerine täze mümkinçilikleri görmegi we gündelik pikirleniş endiklerini üýtgetmegi öwrendiler. Spikeriň tejribeli çemeleşmesi we praktiki maslahatlary biznesi dolandyrmaklyga täzeçe göz bilen garamaga mümkinçilik berdi.

Trening indiki ädimini atmak isleýän telekeçiler üçin örän peýdaly boldy. Olar alnan bilimleriň biznesi ulgama salmakda we dogry kararlary kabul etmekde uly kömek edýändigini bellediler. Telekeçileriň aýtmagyna görä, täze pikirleniş strategiýasyny iş ýüzünde ulanmak kärhanalaryň peýdasyny hem-de girdejisini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýokary netijeleri alandyklaryna garamazdan, gatnaşyjylar «Ýola Rowana» merkezinde geçiriljek indiki okuwlara hem uly höwes bilen gatnaşjakdyklaryny bildirdiler. Müşderileriň uly gyzyklanmasyny göz öňünde tutup, biznes okuw merkezi актуал temalar boýunça täsirli treningleri yzygiderli geçirmegini dowam etdirýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌