Oýun sanawy


Ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde uçurymlar üçin gutardyş synaglaryna badalga berildi
02 Iýun. 09:18Tomus paslynyň ilkinji gününde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin bilim almagyň iň jogapkärli tapgyry bolan döwlet synaglary başlandy. Bu çäre ýokary hünär bilimi maksatnamalaryny tamamlan ýaş hünärmenleriň taýýarlyk derejesini we hünär başarnyklaryny barlamaga gönükdirilendir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, synag tapgyryny ilkinjileriň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti açdy.
Häzirki okuw ýylynda ýurduň döwlet uniwersiteti öz gapylaryndan 1879 sany uçurymy ugradýar. Talyplar taýýarlygyň 30-dan gowrak ugry, şol sanda hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça nazary hem-de amaly okuwlary üstünlikli tamamladylar. Okuw mekdebiniň ýolbaşçylary bu gezekki uçurymlaryň milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň kadrlar zerurlygyny üpjün etmäge taýýarlanandygyny aýratyn belleýärler.
Synaglaryň baha beriş işleriniň anyk we aýdyň geçmegini gazanmak, şeýle hem talyplara amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebinde 21 sany döwlet synag topary guraldy. Bu toparlaryň düzümine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň görnükli alymlary, ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň öňdebaryjy hünärmenleri, şeýle-de tejribeli professor-mugallymlar girdi.
Bilim edarasynyň wekilleriniň habar bermegine görä, hünärmenleri taýýarlamak işi milli bilim maksatnamalaryna hem-de ýurtda amala aşyrylýan döwrebap strategiýalara laýyklykda alnyp barlyldy. Geljekki hünärmenleri okatmakda amaly başarnyklary ösdürmäge, innowasion pikirlenmäge we sanly ulgama aýratyn üns berildi, bu bolsa uçurymlara häzirki zaman zähmet bazaryna aňsat uýgunlaşmaga mümkinçilik berer.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistandaly mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandylar
10 Sen. 11:395-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi. Bu abraýly halkara bäsleşige Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly dünýäniň 14 döwletinden 100-den gowrak iň zehinli okuwçylar gatnaşyp, iki sagadyň dowamynda çylşyrymly matematiki amallary diňe ýatdan çözmek boýunça bäsleşdiler.
Ýurt boýunça geçirilen saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, bäsleşige kabul edilen 12 sany türkmen okuwçysy halkara synagda ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy hamana «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä boýunça 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem ýurdumyzyň mental arifmetika boýunça milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň gowy 8 gatnaşyjynyň hataryna girdi.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» merkeziniň mugallymlary Jahan Durdymämmedowa we Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen okuwçylarynyň bu halkara ýaryşda eýeleýän ýokary orunlary eýýäm däp öwrülip, olar geçen ýyl hem iň gowy onlugyň hataryna girmegi başarypdyrlar.