Oýun sanawy

Erling Holand baýrak gaznasy 2,7 mln dollar bolan küşt ýaryşynyň maýadary boldy

23 Mart. 06:50

Çeşme

"Mançester Sitiniň" we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň ýyldyz hüjümçisi Erling Holand sportuň başga bir görnüşine — küşt dünýäsine uly maýa goýdy. Ol norwegiýaly işewür Morten Borge bilen bilelikde "Chess Mates" kompaniýasyny esaslandyryp, meşhur "Norway Chess" we täze döredilen "Total Chess World Championship" ýaryşlarynyň paýdary boldy. Bu barada Halkara küşt federasiýasy (FIDE) resmi maglumat ýaýratdy.

Erling Holand küşt oýunyna bolan höwesiniň sebäplerini düşündirende, bu akyl oýnunyň futbol bilen köp meňzeşlikleriniň bardygyny belledi. Futbolçy çalt pikirlenmegiň, öz duýgularyňa ynanmagyň we garşydaşyňyň göçümlerini birnäçe ädim öňünden hasaplamagyň ähmiýetini nygtady. Onuň pikiriçe, strategiýa we dogry meýilleşdiriş diňe bir küşt tagtasynda däl, eýsem futbol meýdançasynda hem üstünligiň esasy açarydyr.

Täze döredilen "Total Chess World Championship Tour" ýaryşy dünýäniň dürli şäherlerinde ýylda dört gezek geçiriler. Bu iri taslamanyň baýrak gaznasy azyndan 2,7 million dollar möçberinde bellenildi we ýaryşy geçirmek meýilnamasy 16 ýyl möhlet bilen tassyklanyldy. Bäsleşigiň çäginde dünýäniň iň güýçli küştçüleri klassyky küşt, rapid we blitz görnüşleri boýunça çempionlyk ugrunda göreşerler.

FIDE-niň ýolbaşçylary we "Norway Chess"-iň wekilleri Holandyň bu taslama goşulmagynyň küşt sportuna bolan gyzyklanmany täze derejä çykarjakdygyny belleýärler. Holand ýaly dünýä derejesindäki meşhur türgeniň küşt dünýäsine gelmegi, bu oýnuň medeni ähmiýetini artdyrmaga we täze ýaş auditoriýany çekmäge ýardam eder. Ýaryşyň ilkinji synag tapgyry 2026-njy ýylyň güýzüne meýilleşdirildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär

26 Okt. 11:00

Çeşme

UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.

Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌