Oýun sanawy


Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygy tarapyndan guralan futzal boýunça bäsleşik geçirildi. Bu sport çäresi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp guraldy. Ýaryş daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyzyň arasynda agzybirligi we milli gymmatlyklary dabaralandyrmak maksadyny daşady.
Ýaryşa Owganystanyň günbatar welaýatlarynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň toparlary uly höwes bilen gatnaşdy. Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda şeýle sport çäreleriniň türkmen-owgan doganlyk gatnaşyklaryny täze belentliklere göterýändigini we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini pugtalandyrýandygyny bellediler. Sportuň üsti bilen ýetirilýän parahatçylyk we ösüş habarlary iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly boldy.
Dostlukly we ruhubelent ýagdaýda geçen ýaryşyň ahyrynda sylaglama dabarasy boldy. Bäsleşige gatnaşan ähli toparlara Baş konsullyk tarapyndan hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu çäre Hyratdaky türkmenler üçin diňe bir sport bäsleşigi bolman, eýsem taryhy Watany bilen bolan ruhy baglanyşygy has-da berkitmäge mümkinçilik beren şanly waka öwrüldi.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.