Oýun sanawy

Talyplyk bosagasynda: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde synaglar başlandy

29 Iýul. 06:28

Çeşme

Milli bilim ulgamynda jogapkärli möwsüm başlandy: ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden giriş synaglaryny kabul etmek çäresine badalga berildi. Bellenilen tertibe laýyklykda, ýokary bilimiň bakalawr, hünärmen we magistr maksatnamalary boýunça bäsleşikli synaglar 29-njy iýuldan 20-nji awgusta çenli аrаlykda geçiriler.

Ýatladyp geçsek, Hökümetiň giňişleýin mejlisinde bäsleşigi guramaçylykly we adalatly geçirmek boýunça döwlet derejesinde tabşyryklar berilipdi. Synaglaryň gidişinde jemgyýetçilik gözegçiliginiň berkidilmegi we zehinli ýaşlaryň bäsleşikli esasynda saýlanyp alynmagy bu möwsümiň iň esasy talaplarynyň biri hökmünde bellenildi.

Resminamalary kabul etmek tapgyry 13 — 26-njy iýul aralygynda üstünlikli amala aşyrylyp, okuw jaýlarynda dalaşgärler üçin degişli şertler döredildi. Guramaçylyk topary tarapyndan resminamalaryň bökdençsiz kabul edilmegi we synaglara taýýarlyk işleri ýokary derejede ýola goýuldy.

Şu okuw ýylynda 18 müňden gowrak ýaş talyp bolmak bagtyna eýe bolar, bu bolsa geçen ýylky görkezijiden 1 müň 239 orun köpdür. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 20-si girizildi, olaryň arasynda hünärmen, bakalawr we magistr ugurlary bar. Şol bir wagtyň özünde, orta hünär okuw mekdeplerine resminama kabul etmek işi 17-nji awgusta çenli dowam eder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌