Oýun sanawy


Fransiýanyň lideri Emmanuel Makron geljekde syýasy işini bes etjekdigini mälim etdi
25 Aprel. 16:32Fransiýanyň häzirki Prezidenti Emmanuel Makron Kipr respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde okuwçylar bilen duşuşanda, özüniň geljekki meýilnamalary barada garaşylmadyk beýanat bilen çykyş etdi. Ol özüniň syýasata gelmezinden ozal başga ugurlarda işländigini ýatladyp, döwlet baştutany wezipesini tabşyranyndan soňra syýasy giňişlikden doly çekilmegi meýilleşdirýändigini belligini etdi. Bu habar Ýewropanyň iri metbugat serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi.
Makron öz ýolunyň geňeşçilikden we ministrlikden başlandygyny, soňra bolsa ýurtda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak üçin öz partiýasyny döredendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, syýasat ol üçin diňe belli bir döwürdäki wezipe bolup, ömürlik kär däldir. Fransiýanyň abraýly neşirleri we teleradioýaýlymlary bu beýanaty Makronyň 2027-nji ýyldan soňra döwlet dolandyryşyndan doly gitjekdiginiň tassyknamasy hökmünde häsiýetlendirdiler.
Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, Fransiýada bir şahs yzly-yzyna diňe iki möhlet prezident wezipesini eýeläp bilýär. Şoňa görä-de, Emmanuel Makronyň indiki saýlawlara dalaş etmäge kanuny hukugy ýokdur. Gelejekki Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 2027-nji ýylyň baharyna meýilleşdirilip, ol häzirki lideriň ygtyýarlyklarynyň tamamlanmagyna az wagt galanda geçiriler.
Häzirki wagtda syýasaty öwrenijiler Makronyň bu kararynyň ýurduň içindäki syýasy güýçleriň ýerleşişine nähili täsir etjekdigini seljerýärler. Onuň syýasatdan gitmegi Fransiýanyň täze syýasy ugrunyň kemala gelmegine we täze liderleriň öňe çykmagyna şert döredip biler. Şeýlelikde, 2027-nji ýylda Fransiýada diňe bir täze Prezident däl, eýsem täze syýasy eýýamyň başlanmagyna garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.