Oýun sanawy


Aşgabatda älem giňişligini özleşdirmegiň taryhyna bagyşlanan çäreler geçirilýär
08 Aprel. 04:23A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde ylmy-bilim edaralarynyň okuwçylary üçin niýetlenen «Kosmos hepdeligi» atly täze taslama badalga berildi. Bu çäre adamyň kosmosa ilkinji uçuşynyň 65 ýyllygy mynasybetli gurnalyp, ol ýaş nesliň astronomiýa we kosmonawtika bolan gyzyklanmasyny artdyrmagy maksat edinýär. Hepdeligiň çäklerinde okuwçylara älem giňişligini öwrenmekde gazanylan dünýä derejesindäki üstünlikler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Mekdebiň okuwçylary üçin gurnalan «Kosmos ýubileýi: missiýa amala aşyrylyp bilner» atly interaktiw oýun çäräniň dabaraly açylyşyna öwrüldi. Okuwçylar dürli toparlara bölünip, Ýuriý Gagariniň ömür ýoly, astronomik hadysalar we kosmos tehnikasy baradaky sowallara jogap berdiler. Şeýle hem ýörite taýýarlanan synaglar arkaly çagalaryň çydamlylygy we çalt karar kabul etmek ukyplary barlanyldy, bu bolsa nazary bilimleri iş ýüzünde berkitmäge ýardam etdi.
Meýilnama laýyklykda, hepdeligiň dowamynda ýokary synp okuwçylary üçin intellektual bäsleşikler, häzirki zaman kosmonawtikasynyň gazananlary baradaky leksiýalar we açyk sapaklar geçiriler. Bu sapaklarda älemiň syrlary, täze ylmy açyşlar we halkara kosmos beketleriniň işi barada gyzykly söhbetdeşlikler guralar. Bilim beriş edarasynyň hünärmenleri bu taslamanyň okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini belleýärler.
Çäräniň esasy mowzuklarynyň biri asly Türkmenistandan bolan dünýä meşhur kosmonawt Oleg Kononenkonyň görkezýän edermenligine bagyşlandy. Türkmenabat şäherinde doglan we häzirki wagtda älemde bolmagyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny eýeleýän bu gahrymanyň durmuş ýoly okuwçylar üçin nusgalyk mekdepdir. Jemi 1110 gije-gündizden gowrak wagtyny orbitada geçiren Kononenkonyň üstünlikleri türkmen ýaşlaryny täze ylmy belentliklere ruhlandyrýar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.