Oýun sanawy


Ýeriň aýlanma tizliginiň haýallamagy: gije-gündiziň dowamlylygy artýar
16 Mart. 14:48Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň hünärmenleri Ýer şarynyň aýlanma tizlik görkezijileriniň üýtgeýändigini tassykladylar. Geçirilen barlaglar planetamyzyň öz okunyň daşyndan aýlanmagynyň haýallaýandygyny we netijede gije-gündiziň dowamlylygynyň yzygiderli uzalýandygyny görkezýär. Bu hadysa dünýä ylmy jemgyýetçiliginde giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.
Häzirki wagtda gije-gündiziň dowamlylygy her ýüz ýylda 1,33 millisekunt derejesinde artýar. Alymlaryň bellemegine görä, soňky 3,6 million ýylyň dowamynda planetanyň aýlanma tizliginde şeýle tiz üýtgeşme syn edilmändi. Munuň özi tebigy prosesleriň häzirki döwürde has işjeňleşendigini aňladýar.
Bu üýtgeşmeleriň esasy sebäbi hökmünde dünýä ummanlarynyň derejesiniň ýokarlanmagy görkezilýär. Polýar buzluklarynyň we dagdaky buz gatlaklarynyň eremegi netijesinde planetanyň agramlygy ýer üsti we umman gatlaklary boýunça gaýtadan paýlanýar. Bu bolsa Ýeriň aýlanma dinamikasyna gös-göni täsir edýär.
Gözlegçiler taryhy maglumatlary dikeltmek üçin umman düýbündäki mikroorganizmleriň – foraminiferleriň galyndylaryny analiz etdiler. Matematiki modelleriň kömegi bilen soňky 2,6 million ýyldaky durnuksyzlyklar öwrenildi. Gije-gündiziň uzynlygynyň üýtgemegi adaty durmuş üçin duýulmasa-da, hemra nawigasiýasy we kosmos tehnologiýalary ýaly ýokary takyklygy talap edýän ulgamlar üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.