Oýun sanawy

Ýakyn günlerde Ýeriň magnitosferasynda geomagnit işjeňligi ýokarlanar

10 Aprel. 11:32

Çeşme

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 10-njy aprelden 12-nji aprel aralygynda Ýer şarynda geomagnit tolgunyşyklarynyň bolmagyna garaşylýar. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň ýöriteleşdirilen barlaghanalarynyň berýän maglumatlaryna görä, bu tebigy hadysanyň ýüze çykmak ähtimallygy 90 göterime çenli ýetýär. Magnit meýdanynyň asuda ýagdaýdan tolgunyşykly ýagdaýa geçmegi Gündäki koronal deşikleriň täsiri we Günüň madda zyňyndylary bilen düşündirilýär.

Anna güni gijesinden başlap, magnit meýdanynyň durnuksyzlygy artar we 11-nji aprelde ortaça güýçdäki (G2 derejeli) magnit tupanynyň bolmagyna garaşylýar. Alymlar bu döwürde Kp-indeksiniň 5-e çenli ýokarlanyp biljekdigini duýdurýarlar. Şeýle-de, aprel aýynyň dowamynda, hususan-da 17-nji we aýyň ahyryndaky günlerde hem meňzeş geomagnit hadysalarynyň gaýtalanmagy ähtimaldyr.

Geomagnit tupanlary, esasan, kosmos nawigasiýasyna, hemra aragatnaşygyna we energetika ulgamlaryna täsir edip bilýär. Günüň ýokary işjeňligi zerarly Ýeriň magnit meýdanynda ýüze çykýan yrgyldylar radioaragatnaşykda ownuk bökdençlikleriň döremegine sebäp bolup biler. Şol bir wagtyň özünde, ýokary giňişliklerde seýrek duş gelýän "demirgazyk şöhlesiniň" emele gelmegi üçin hem şertler döreýär.

Kosmos barlaglary institutynyň bilermenleri Günüň işjeňliginiň hemişe öňünden aýdyp bolmaýan häsiýetini nazara alyp, takyk maglumatlaryň diňe gysga möhletli çaklamalar arkaly berilýändigini ýatladýarlar. Häzirki wagtda kosmos gurşawyna yzygiderli gözegçilik edilýär we täzelenen maglumatlar ylmy-barlag merkezleriniň resmi sahypalarynda onlaýn tertipde çap edilýär. Bu bolsa degişli düzümlere geomagnit işjeňligine öňünden taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌