Oýun sanawy

Italiýada okamak isleýän bolsaňyz — halkara alyş-çalyş maksatnamasy size garaşýar!

21 Aprel. 05:30

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ýurdumyzyň ýaşlaryna Ýewropanyň iň gadymy bilim ojaklarynyň birinde tejribe toplamak üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär. 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Italiýanyň abraýly Kiýeti-Peskara uniwersiteti (UdA) bilen bilelikde Erasmus+ KA171 maksatnamasyna resminamalaryň kabul edilip başlanandygy yglan edildi. Bir ýyl dowam etjek bu bilim sapary 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda başlap, Italiýanyň medeni we ylmy merkezleri bolan Kiýeti hem-de Peskara şäherlerinde amala aşyrylar.

Maksatnama gatnaşmak isleýän talyplar üçin birnäçe esasy talaplar bellenildi. Dalaşgärler geljek okuw ýylynda bakalawr maksatnamasynyň soňky ýylynyň talyby bolmaly ýa-da magistratura we aspirantura (PhD) basgançaklarynda bilim alýan bolmalydyrlar. Saýlama tapgyrynda talyplaryň akademiki görkezijilerine (GPA) we daşary dillerini biliş derejesine aýratyn üns berler. Iňlis ýa-da italýan dillerini azyndan B1 derejesinde bilýän talyplar bu bäsleşige gatnaşyp bilerler; zerur bolan ýagdaýda dil şahadatnamasyny EU Academy platformasy arkaly mugt synagdan geçip alyp bolýar.

Bilim ugurlarynyň arasynda psihologiýa, durnukly gurluşyk, planetar ylymlar we maglumat kognitiwistikasy ýaly häzirki zaman ylymlary bar. Bu maksatnamalaryň agramly bölegi doly iňlis dilinde okadylýandygy sebäpli, dil ukyby ýokary bolan talyplara aýratyn isleg bildiriler. Mundan başga-da, ykdysadyýet we hukuk ulgamy boýunça bölekleýin iňlis dilinde okadylýan dersler hem hödürlenýär, bu bolsa talyplara öz hünär ugruna laýyk gelýän dersleri saýlamaga mümkinçilik berýär.

Maksatnama şahsy tertipde ýüz tutmak mümkin däl; ähli dalaşgärleriň resminamalary diňe uniwersitet tarapyndan hödürlenmelidir. Şonuň üçin dalaşgärler pasport nusgasyny, transkriptini we beýleki degişli resminamalaryny taýýarlap, haýal etmän TDU-nyň Halkara gatnaşyklary bölümine ýüz tutmalydyrlar. Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti 2026-njy ýylyň 10-njy maýy diýlip bellenildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌