Oýun sanawy

Detroýtda sapaklary goýbermän mekdebe gatnan okuwçylara 1 000 dollara çenli töleg ediler

23 Awgust. 18:09

Çeşme

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Detroýt şäherinde sapaklaryny sebäpsiz goýbermän mekdebe yzygiderli gatnan okuwçylara 1 000 dollara çenli elektron sowgatlyk kartlaryň berilmegi meýilleşdirilýär. «Fox News» teleýaýlymynyň berýän maglumatyna görä, ýokary synp okuwçylaryna sypdyrman gatnaşan her hepdesi üçin 100 dollar möçberinde kart berilýär. Okuwçylar 4 hepdäniň içinde 400 dollar, gyşyň 10 hepdesiniň dowamynda bolsa iň ýokary görkeziji bolan 1 000 dollara çenli gazanyp bilýärler.

Bu höweslendiriş maksatnamasy 2026-njy ýylyň ýanwar–mart aýlarynda geçirilen synag tapgyrynda uly netije berdi. Şol döwürde etrap boýunça ýokary synp okuwçylarynyň 84 göterimi (12,8 müň okuwçy) bu tölegleri almaga hukuk gazandy we sapaklary yzygiderli goýberýänleriň paýy 64%-den 54%-e düşdi. Şol sebäpli maksatnama 2026–2027-nji okuw ýyly üçin uzaldyldy hem-de täze okuw ýylyndan başlap 6–8-nji synp okuwçylaryna hem degişli ediler. Kiçi synp okuwçylaryna sapak goýberilmedik her hepde üçin 50 dollar möçberinde töleg ediler.

Mekdep etraby sebäpsiz sapak goýbermelere garşy göreşmek üçin umumy býujetden 13,9 million dollar serişde böldi. Maksatnamada berk düzgünler göz öňünde tutulan: okuw hepdesiniň dowamynda sebäpsiz goýberilen ýekeje sapak hem okuwçyny şol hepdäniň töleginden doly mahrum edýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌