Oýun sanawy

Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasynyň işe girizilmegi innowasion ösüşiň täze sepgididir

29 Iýun. 11:12

Çeşme

Ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň bütin çäginde ýokary tizlikli 5G aragatnaşyk we internet ulgamynyň doly işe girizilmegi, bu ajaýyp künjegiň dünýäniň iň döwrebap tehnologik täzeçillikleri bilen aýakdaş gidýändigini subut etdi. Döwletimiziň «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalary, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň hem-de ekologik taýdan arassa, sagdyn gurşawy döretmegiň iň kämil halkara tejribelerini özünde jemleýär.

Täze nesliň 5G tehnologiýasynyň maglumatlary geçiriş tizligi sekuntda 20 gigabite çenli ýetip, ol her inedördül kilometre bir million sany dürli akylly gurluşy bökdençsiz birikdirmäge ukyplydyr. Bu görkeziji häzirki wagtda bar bolan 4G+ ulgamy bilen deňeşdirilende 20 esse ýokary tizlik diýmekdir. Häzirki wagtda innowasion şäheriň hemme künjeginde doly elýeterli bolan mobil aragatnaşygyň 5-nji nesli edara-kärhanalaryň işini sanly ulgam arkaly tiz we amatly dolandyrmaga, döwlet we jemgyýetçilik hyzmatlaryndan çalt peýdalanmaga giň ýol açýar. Ulgamyň ýokary geçirijilik ukyby uly göwrümli programma üpjünçiliklerini bökdençsiz işletmäge hem-de birwagtda müňlerçe enjamyň interneti ýitgisiz ulanmagyna şert döredýär.

Arkadag şäheriniň nusgalyk şertlerinde 5G ulgamy bilim maglumatlaryny sanly tertipde çalt alyşmaga, önümçilik we jemgyýetçilik enjamlaryny aralykdan tiz dolandyrmaga, telegepleşikleri ýokary hilli 4K formatynda göni ýaýlyma bermäge hem-de telemedisina amallaryny gyssagly ýerine ýetirmäge uly mümkinçilikleri hödürleýär. Bu taslama ýurdumyzyň ykdysady-innowasion kuwwatyny bütin dünýä aýan etmek bilen, «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginde islendik meseläniň ylmy taýdan çuňňur öwrenilýändiginiň hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hiliniň yzygiderli gowulandyrylýandygynyň aýdyň mysalydır.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌