Oýun sanawy

«Daýhanbank» talyplar üçin ýyllyk 5% bilen ýeňillikli karz berýär

28 Awgust. 04:16

Çeşme

Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik banky «Daihanbank» talyplar üçin ýeňillikli karzlaşdyrma maksatnamasyny işe girizdi. Karz serişdeleri ýokary we orta hünär okuw jaýlarynda bilim almak üçin niýetlenendir.

Karzyň iň ýokary möçberi — 42 000 manat. Töleg möhleti — 3 ýyla çenli. Pul serişdeleri nagt däl görnüşde okuw jaýynyň hasabyna geçirilýär.

10–15 müň manada çenli karz üçin raýatyň kepilligi ýeterlik. Ondan ýokary bolsa — girew talap edilýär.

Karz üçin arza bankyň resmi sahypasy arkaly onlaýn ýagdaýda tabşyrylýar: www.dayhanbank.gov.tm

Bank ýurduň ähli welaýatlarynda hyzmat berýär.

Telefon belgiler:
Aşgabat: 38-03-79, 38-02-86, 24-44-55, 24-52-85
Ahal: (8-00-137) 3-34-39
Balkan: (8-00-246) 5-21-51
Daşoguz: (8-00-322) 9-35-07
Lebap: (8-00-422) 9-13-48
Mary: (8-00-522) 6-76-40

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌