Oýun sanawy

«CNPC» kompaniýasy «Galkynyş» känindäki täze taslamasy üçin işgärleri kabul edýär

12 Maý. 14:47

Çeşme

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň («CNPC») Türkmenistandaky şahamçasy «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň çäklerinde amala aşyrylýan iri göremli taslama üçin boş iş orunlaryny yglan etdi. Bu taslama ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge niýetlenen desgalaryň we guýularyň gurluşygyny öz içine alýar. Iş orunlary Aşgabat we Mary şäherlerinde ýerleşer.

Kompaniýa hünärmenleriň giň toparyny, şol sanda hukukçylary, inženerleri, IT-tehniklerini, terjimeçileri we dürli hyzmat ediş işgärlerini işe çagyrýar. Ähli dalaşgärler üçin degişli ugur boýunça azyndan 3 ýyllyk iş tejribesiniň bolmagy we rus dilini suwara bilmek hökmany talapdyr. Hytaý dilini bilýän hünärmenlere artykmaçlyk berler.

Dalaşgärleriň resminamalary bildiriş çap edilen gününden (12-nji maýdan) başlap 30 günüň dowamynda kabul ediler. Gyzyklanma bildirýänler öz maglumatnamalaryny we anketalaryny Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolundaky 553/3-nji jaýa tabşyryp bilerler. Söhbetdeşlige diňe saýlawyň ilkinji tapgyryndan geçen hünärmenler çagyrylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌