Oýun sanawy


CNPC kompaniýasy Aşgabatda geçiriljek «OGT 2026» halkara forumynyň platina hyzmatdaşy boldy
26 Sen. 10:51Hytaýyň Milli Nebit-Gaz Korporasiýasy (CNPC) Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji Halkara maslahatyna we sergisine platina hyzmatdaş hökmünde katnaşar. Kompaniýanyň bu ýokary statusda çykyş etmegi Türkmenistan bilen Hytaýyň energetika pudagyndaky 20 ýyllyk hyzmatdaşlygyna gabat gelýär. Bu iri çäräni «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de «Turkmen Energy Forum» (TEF) bilelikde gurnaýarlar.
CNPC kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işläp, strategik ähmiýetli taslamalary amala aşyrýar. 2009-njy ýylda ulanmaga berlen Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisiniň 3 şahasy arkaly her ýyl 30 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz akdyrylýar. Guramaçylaryň maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň apreline çenli Hytaýa eýýäm 430 milliard kub metrden gowrak türkmen gazy uratyldy. Mundan başga-da, Hytaýyň bu korporasiýasy ýurdumyzyň nebit-gaz pudagy üçin ýerli hünärmenleri taýýarlamaga we talyplaryň Hytaýda bilim almagyna yzygiderli ýardam berýär.
Hyzmatdaşlygyň täze möhüm tapgyry ка hökmünde 2026-njy ýylyň aprel aýynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyryna badalga berildi. Taslamanyň çäklerinde täze guýular burawlanyp, ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz taýýarlaýan zawodyň gurluşygy alnyp barylar. Işler doly tamamlanandan soňra 1000-den gowrak täze hemişelik iş ornunyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
Aşgabatda geçiriljek «OGT 2026» forumy energetika pudagynyň liderlerini, maýadarlary we halkara ekspertleri bir ýere jemlär. Maslahatda «Galkynyş» känini ösdürmek, TAPI gaz geçirijisi, Hazar deňzindäki taslamalar, gazy gaýtadan işlemek, sanlylaşdyrmak we metan zyňyndylaryny azaltmak ýaly möhüm meseleler serediler.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.