Oýun sanawy


Hytaýda öý haýwanlary üçin ýöriteleşdirilen ilkinji teleýaýlym işe girizildi
11 Aprel. 13:52Hytaý Halk Respublikasynda itleriň we pişikleriň görüş hem-de eşidiş aýratynlyklaryny nazarda tutýan täze teleýaýlym hyzmaty işe başlady. Diňe ýörite ýazylyşygy bolan müşderiler üçin elýeterli bolan bu ýaýlym haýwanlaryň nerw ulgamyny köşeşdirmek we olaryň wagtyny peýdaly geçirmek maksady bilen döredildi. Täze hyzmat sanly platformalarda «tüýlek dostlar üçin bagt merkezi» hökmünde tanyşdyrylýar.
Teleýaýlymyň taýýarlaýan gepleşikleri adaty telegörnişlerden düýpli tapawutlanýar. Onuň reňk sazlaşygy we şekilleriň tizligi dürli it tohumlarynyň dünýäni görüş ukybyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa haýwanlara ekrandaky şekilleri adamyň görşi ýaly anyk kabul etmäge we olardan ruhy lezzet almaga mümkinçilik berýär.
Gepleşikleriň mazmuny iki ugur boýunça alnyp barylýar: dynç alyş we ösüş. Birinji ugurda haýwanlaryň gorkusyny we sussupesligini aýyrmaga kömek edýän tebigat manzaralary hem-de ýakymly sazlary öz içine alýan programmalar hödürlenýär. Ikinji ugur bolsa haýwanlaryň akyl ukybyny we ünsüni ösdürmäge gönükdirilen gyzykly oýunlardan hem-de hereketli pursatlardan ybaratdyr.
Häzirki wagtda Hytaýyň ykdysadyýetinde öý haýwanlaryna degişli hyzmatlar bazary iň çalt ösýän ugurlaryň biridir. Her aýda 25 ýuan tölegli bu täze hyzmat sebitde haýwanlara edilýän idegiň we çykdajylaryň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. Maglumatlara görä, ýakyn ýyllarda bu pudagyň girdejisi onlarça milliard dollara ýetip, öý haýwanlaryna degişli harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligini has-da artdyrar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.