Oýun sanawy


Hytaý ýaş ylmy-tehniki hünärmenler üçin täze K görnüşli wizany girizýär
15 Awgust. 05:48Hytaýyň Döwlet Geňeşi ýaş daşary ýurtly ylmy-tehniki hünärmenler üçin niýetlenen täze wiza görnüşi — K kategoriýasyndaky wizany girizmegi makullady diýip, “Sinhuwa” agentligi habar berýär.
Degişli karara Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Çýan gol çekdi. Bu çözgüt daşary ýurt raýatlarynyň girip-çykmak düzgünleriniň täzeden gözden geçirilmegine degişli üýtgetmeleriň çäginde kabul edildi.
K görnüşli wiza ýaş hünärmenleri ylmy we tehnologik ugurlara çekmek maksady bilen döredilýär. Ony almak üçin dalaşgärler Hytaýyň ygtyýarly edaralary tarapyndan kesgitlenen talaplara laýyk gelmeli we zerur resminamalary hödürlemeli.
Bu karar 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda güýje girer.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistandaly mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandylar
10 Sen. 11:395-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi. Bu abraýly halkara bäsleşige Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly dünýäniň 14 döwletinden 100-den gowrak iň zehinli okuwçylar gatnaşyp, iki sagadyň dowamynda çylşyrymly matematiki amallary diňe ýatdan çözmek boýunça bäsleşdiler.
Ýurt boýunça geçirilen saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, bäsleşige kabul edilen 12 sany türkmen okuwçysy halkara synagda ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy hamana «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä boýunça 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem ýurdumyzyň mental arifmetika boýunça milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň gowy 8 gatnaşyjynyň hataryna girdi.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» merkeziniň mugallymlary Jahan Durdymämmedowa we Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen okuwçylarynyň bu halkara ýaryşda eýeleýän ýokary orunlary eýýäm däp öwrülip, olar geçen ýyl hem iň gowy onlugyň hataryna girmegi başarypdyrlar.