Oýun sanawy


Çagalar «Hazar goragçylaryna» öwrüldiler: Awazada üýtgeşik ekologiýa dabarasy geçirildi
11 Awgust. 14:3610-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan ekologiýa çäresi guraldy. Bu çäre BMGÖM-iň hem-de UNEP-iň Russiýa Federasiýasynyň maliýe goldawy bilen amala aşyrýan «Deňiz zibili we deňiz plastmassalary bilen göreşmek – Hazarda ulgamlaýyn çemeleşme» sebit taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Bu asylly başlangyca Daşky gurşawy goramak, Bilim, Içeri işler, Goranmak ministrlikleri we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan giňden goldaw berildi. Ekologiýa dabarasy «Arzuw» hem-de «Daýanç» sagaldyş merkezlerinde dynç alýan körpeleri bir ýere jemledi.
Çäräniň çäklerinde çagalara Hazaryň haýwanat we ösümlik dünýäsi, plastigiň we mikroplastigiň tebigata ýetirýän zyýanlary barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem hünärmenler çagalara kenarda we suwda özüňi alyp baryş, ýangyn howpsuzlygy hem-de ilkinji lukmançylyk kömegi boýunça amaly sapaklary geçdiler.
Gatnaşyjylar «Hazaryň goragçylary» atly oýun-kwestde öz güýçlerini synap, ekologiýa ussahanasynda surat çekdiler we kenarýakany gözegçilikde saklaýan monitoгing enjamlarynyň işi bilen tanyşdylar. BMGÖM-iň hünärmeni Jemal Durdykowa bu çäräniň ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.