Oýun sanawy


Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu medeni çäre Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň görnükli wekillerini we hünärmenlerini bir meýdançada jemleýär.
Festiwalyň giňişleýin maksatnamasyna 30-a golaý film girizildi. Doly metražly çeper filmleriň bäsleşikli tapgyrynda alty sany ekran eseri görkeziler, olaryň hatarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň bilelikde öndüren «Magtymguly Pyragy» hünärli filmi hem bar (režissýory Muzaffarhan Erkinow).
Görkezilýän filmlere Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Eýrandan, Wengriýadan we Russiýadan bolan tejribeli hünärmenlerden ybarat halkara eminler topary baha berýär.
Festiwalyň çäklerinde gysga metražly filmleriň bäsleşigi, çagalar üçin ýörite görkezilişler, ussatlyk sapaklary, hünär duşuşyklary we beýleki medeni çäreler meýilleşdirildi. Bu çäre Russiýanyň Halklarynyň agzybirligi ýylyna (2026) bagyşlanyp, onuň baş maksady kino sungaty arkaly milletara agzybirligi berkitmekden, etnik dürlüligi gorap saklamakdan we medeni mirasy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmekden ybaratdyr. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 19-njy iýunda Ýakow Eşpaý adyndaky Mariý döwlet filarmoniýasynda guralar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.