Oýun sanawy


Merkezi Aziýa ýurtlary Ulan-Batorda çölleşmä garşy bilelikdäki başlangyçlary hödürlediler
27 Awgust. 16:45Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 17-nji sessiýasy (COP17) geçirilýär. Dünýäniň 197 döwletinden gelen wekiliýetleriň, alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçýän bu abraýly maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlary zaýalanan ýerleri dikeltmek boýunça sebitara taslamalaryny öňe sürdüler.
Gepleşikleriň dowamynda halkara bileleşiginiň ünsi ýyllyk 278 milliard dollar möçberinde emele gelen maliýe ýetmezçiligine çekildi. Şol sebäpli Täjigistan meseleleri çözmek üçin ýaşyl obligasiýalar hem-de ekoulgam hyzmatlary üçin tölegler ýaly täze maliýe gurallaryny peýdalanmagy teklip etdi. Şeýle hem buzluklary saklamak we dag ekoulgamlaryny goramak meseleleri öňe sürüldi.
Sebitiň beýleki döwletleri hem çölleşmä garşy amaly çäreleri tanyşdyrdylar. Türkmenistan süýşýän çägeleri durnuklaşdyrmak baradaky tejribesini paýlaşdy, Gazagystan bolsa gorag tokaý zolaklaryny döretmegi göz öňünde tutýan «Merkezi Aziýanyň ýaşyl galkany» başlangyjyny hödürledi. Gyrgyzystan topraklaryň şorlaşmagyna gözegçilik edýän sebit merkezini döretmegi, Özbegistan bolsa Samarkant klimat dialogyny we «Ýaşyl Aral» maksatnamasyny teklip etdi.
Klimatyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan meňzeş meselelere garşy umumy çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän bu halkara forumy 28-nji awgustda öz işini jemlär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.