Oýun sanawy

Kelwin Harris 1,6 million tomaşaçy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

01 Okt. 13:09

Çeşme

Şotlandiýaly meşhur dijeý we saz prodýuseri Kelwin Harris San-Pauluda (Braziliýa) geçiren konsertine 1,6 million töweregi adamy üýşürip, bir artistiň DJ çykyşyna iň köp tomaşaçynyň gatnaşmagy boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Fewral aýynda geçirilen bu köp adamly çykyşda yssy aba-howa sebäpli köçeler ýapylyp, gurançylykda birnäçe kynçylyklar ýüze çykdy. Aýdymçy sahna Braziliýanyň milli ýygyndysynyň «Calvinho» ýazgyly köýnekçesinde чыкыш edip, «One Kiss» we «We Found Love» ýaly meşhur hitlerini ýerine ýetirdi.

Bu üstünlik Harrisiň Ginnesiň rekordlar kitabyndaky ilkinji görkezijisi däl. Ol ozal bir albomdan Beýik Britaniýanyň top-10lygyna giren iň köp aýdymy bolan sazanda hökmünde, şeýle hem bir ýylda iň köp girdeji gazanan DJ ($67,4 million) hökmünde rekordlar kitabyna giripdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌