Oýun sanawy


Burj Al Arab taryhynda ilkinji gezek düýpli abatlaýyş işleri üçin ýapyldy
18 Aprel. 06:27Dubaýyň meşhur nyşany bolan Jumeirah Burj Al Arab myhmanhanasy giň gerimli täzeleme we dikeldiş işleriniň başlanmagy sebäpli wagtlaýynça hyzmatlaryny duruzdy. 18 aý dowam etmegi meýilleşdirilýän bu taslama binanyň 27 ýyllyk taryhyndaky ilkinji iň uly göwrümli abatlaýyş bolar. Bu möhüm ädim dünýäniň iň kaşaň myhmanhanasynyň binagärlik gymmatyny saklamak we hyzmat hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýar.
Taslamanyň binagärlik we bezeg işlerine meşhur fransuz hünärmeni Tristan Auer ýolbaşçylyk eder. Onuň esasy iş ýörelgesi binanyň asyl keşbine we ruhuna zeper ýetirmän, diňe ony kämilleşdirmekden ybaratdyr. Binagäriň bellemegine görä, häzirki bar bolan bezegleriň we interýer elementleriniň uly bölegi çalşylman, eýsem hünärmenler tarapyndan aýawly dikeldiler. Bu çemeleşme ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, binanyň taryhy ähmiýetini hem gorap saklar.
1999-njy ýylda açylan we gämi ýelkeni şekilindäki üýtgeşik keşbi bilen tanalýan bu 321 metrlik bina Jumeirah Group kompaniýasyna degişlidir. Myhmanhananyň içki bezeglerinde altyn çaýylan örtükler, gymmat bahaly mermerler we Swarovski kristallary ulanylyp, olar dünýäniň iň täsin binagärlik nusgalarynyň birini emele getirýär. Abatlaýyş işleri diňe bir daşky däl, eýsem içki inženerçilik ulgamlarynyň hem döwrebaplaşdyrylmagyny öz içine alar.
Jumeirah kompaniýasynyň ýolbaşçylary myhmanhananyň ýapylmagyny täze ösüş döwrüniň başlangyjy diýip häsiýetlendirdiler. Burj Al Arab diňe bir binagärlik desgasy bolman, eýsem ussatlygyň we ýokary hilli hyzmatyň dünýä derejesindäki nyşanydyr. Takmynan bir ýarym ýyldan soň, täzelenen Burj Al Arab dünýäniň çar künjeginden gelýän myhmanlaryny has-da kämilleşdirilen görnüşde kabul edip başlar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.