Oýun sanawy

Braziliýa Şotlandiýany ynamly ýeňip, DÇ-2026-nyň pleý-off tapgyryna çykdy

25 Iýun. 05:26

Çeşme

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň «C» toparçasyndaky üçünji we soňky tapgyryň duşuşygynda Braziliýanyň milli ýygyndysy Şotlandiýanyň toparyny 3:0 hasabynda rüstemlik bilen utmagy başardy. Ýeňiş gazanan Pentakampeonlaryň gollaryny Winisius Žunior (7-nji we 45+3-nji minutlarda) hem-de Mateus Kunýa (60-njy minutda) öz adyna ýazdylar. Bu duşuşyk diňe bir hasap bilen däl, eýsem taryhy waka bilen hem ýatda galdy: oýnuň 76-njy minutynda Braziliýanyň taryhyndaky iň netijeli hüjümçisi Neýmar uzak wagtlyk (2023-nji ýylyň 18-nji oktýabryndan bäri) agyr şikesinden soň ilkinji gezek ýene-de ýaşyl meýdança dolandy.

Geçirilen bäsleşikleriň netijesinde Braziliýa jemi 7 utuk toplap, toparçada birinji orny eýeledi we pleý-off tapgyryna çykmaga hukuk gazandy. Toparçanyň beýleki duşuşygynda Marokko Gaitini 4:2 hasabynda ýeňip, ol hem 7 utuk toplady, emma pökgi tapawutlarynyň goşmaça görkezijileri boýunça ikinji orun bilen çäklendi. Şotlandiýa 3 utuk bilen üçünji bolan bolsa, Gaiti hiç hili utuk toplap bilmän ýaryşy nollap tamamlady. 1/16 final künjeginde Braziliýa 29-njy iýunda «F» toparçanyň ikinjisi (Niderlandlar, Ýaponiýa ýa-da Şwesiýa) bilen oýnar, Marokko bolsa 30-njy iýunda şol toparçanyň ýeňijisi bilen duşuşar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌