Oýun sanawy

BMW ýanmak howpy sebäpli ABŞ-dan 29 müňden gowrak awtoulagyny yzyna çagyrýar

16 Iýul. 18:23

Çeşme

Nemes awtogiganty BMW, hereketlendirijiniň starteriniň relesindäki tehniki näsazlyk sebäpli ABŞ-nyň bazaryndan 29 119 sany awtoulagyny yzyna çagyrýar. Bu barada «Reuters» habarlar agentligine salgylanyp, «news.by» neşiri habar berdi.

ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň (NHTSA) beren resmi maglumatyna görä, bu çäre aşakdaky awtoulag modellerine degişlidir:

BMW 530e xDrive

BMW 740Le xDrive

BMW iPerformance tapgyryna degişli beýleki gibrid modeller.

Näsazlygyň esasy sebäbi hökmünde starteriň relesiniň wagtyň geçmegi bilen poslama (korroziýa) duçar bolup biljekdigi görkezilýär. Bu bolsa gysga utgaşma we netijede ulagyň ot almagyna sebäp bolup bilýär. NHTSA-nyň habar bermegine görä, BMW-niň resmi dilerleri ýüze çykan bu näsazlygy, ýagny hereketlendirijiniň starterini awtoulag eýeleri üçin doly mugt çalşyp bererler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌