Oýun sanawy


Bill Geýts emeli aň barada täze pikirlerini paýlaşdy: robotlara salgyt salmak we käbir hünärleri adamlar üçin gorap saklamak teklip edildi
28 Awgust. 03:45«Microsoft» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts täze oçerkinde emeli aňyň we robotlaşdyrmanyň iş orunlaryna ýetirýän täsirini haýallatmak maksady bilen ýörite salgyt mehanizmini girizmegi teklip etdi. Onuň pikiriçe, häzirki salgyt ulgamy iş berijileri adamlaryň zähmetinden ýüz öwrüp, maşynlary saýlamaga mejbur edýär, sebäbi robotlary satyn almak önümçilik çykdajysy hökmünde hasapdan öçürilýär. Geýts bu salgytdan geljek girdejileri işçileri gaýtadan taýýarlamaga we durmuş goraglylygyna gönükdirmegi haýyş etdi, emma lukmançylyk we bilim ýaly pudaklarda tehnologiýanyň ösüşini bökdemezligi nygtady.
Mundan başga-da, ol «Human Reserved» ýagny diňe adamlara niýetlenen hünär zolaklaryny döretmek pikiri öňe sürdi. Bu düşünjä görä, çagalara ideg etmek we kazyýet kararlaryny kabul etmek ýaly möhüm ugurlarda emeli aňyň ulanylmagy çäklendirilip, ol ýerler edil tebigy goraghanalar ýaly diňe adam zähmeti üçin saklanyp galmalydyr.
Şol bir wagtyň özünde, Mark Sukerberg we Ilon Mask hem bu meselede öz gözýetimlerini paýlaşdylar. Olaryň ikisi hem döwlet tarapyndan aşa köp kadalaşdyrmanyň pudaga zyýan ýetirjekdigini hem-de Hytaý bilen tehnologik bäsleşigiň barha kurslaşýandygyny bellediler. Sukerberg emeli aňyň täze iş orunlaryny döretjekdigine ynanýan bolsa, Mask bary-ýogy bäş ýylyň içinde superaňyň peýda boljakdygyny we geljekde robotlaşdyrmanyň saýasynda puluň öz ähmiýetini ýitirjekdigini çaklaýar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.