Oýun sanawy

Awstraliýanyň gury ýer goşunlaryna ilkinji gezek zenan serkerde ýolbaşçylyk eder

14 Aprel. 09:50

Çeşme

Awstraliýanyň harby taryhynda uly öwrülişik bolup geçdi: ýurduň ýaragly güýçleriniň taryhynda ilkinji gezek gury ýer goşunlarynyň başlygy wezipesine zenan maşgala bellendi. General-leýtenant Sýuzan Koýl şu ýylyň iýul aýynda häzirki serkerde Saýmon Stýuardyň ornuna geçip, goşun bölümlerine ýolbaşçylyk edip başlar. Bu karar ýurduň goranmak ulgamynda deňhukuklylygyň täze tapgyry hökmünde kabul edildi.

Sýuzan Koýl harby ulgamda baý tejribä eýe bolup, ol öz gulluk ýoluna 1987-nji ýylda başlapdy. Häzirki wagtda 55 ýaşynda bolan general-leýtenant mundan ozal hem birnäçe möhüm wezipelerde zähmet çekip, strategik ştab işlerinde özüni görkezmegi başardy. Ýurduň Goranmak ministrligi bu bellemäni taryhy pursat diýip atlandyrmak bilen, munuň döwrebap harby özgerişlikleriň netijesidigini nygtady.

Häzirki wagtda Awstraliýanyň ýaragly güýçleriniň umumy düzüminiň 21 göterimini zenanlar emele getirýär. Döwlet häkimiýetleri bu görkezijini has-da ýokarlandyrmagy maksat edinip, 2030-njy ýyla çenli goşun hataryndaky zenanlaryň sanyny dörtden bir bölege (25%) ýetirmegi meýilleşdirýärler. Bu strategiýa goşunyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we hünär derejesini artdyrmak maksatnamasynyň bir bölegidir.

Ekspertleriň pikiriçe, ýokary harby wezipelere zenanlaryň bellenilmegi Awstraliýanyň goranyş ukybyny täzeçe dolandyrmaga mümkinçilik berer. Täze serkerdäniň öňünde goşun bölümlerini döwrebap ýaraglar bilen üpjün etmek we halkara harby hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly möhüm wezipeler durýar. Bu waka diňe bir Awstraliýa üçin däl, eýsem global harby ulgam üçin hem nusgalyk ädim hasaplanýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌