Oýun sanawy


Paýtagtda TÜRKSOÝ-yň opera günleri we Weli Muhadowyň ýubileý dabaralary geçiriler
19 Aprel. 10:122026-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda halkara derejesindäki medeni çäreler — TÜRKSOÝ guramasynyň opera günleri hem-de meşhur kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy belleniler. Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa bu dabaralaryň taýýarlyk tapgyrlary barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Çäreleriň esasy maksady türki dilli halklaryň umumy medeni mirasyny gorap saklamakdan we nusgawy saz sungatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligini dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Programma laýyklykda, türki döwletleriň iň oňat opera ussatlarynyň çykyşlaryna we ýatlama konsertlerine giň orun berler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigini belläp, bu medeni forumyň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy. Döwlet Baştutany milli sungatymyzyň ösmegine ägirt uly goşant goşan şahsyýetleriň hatyrasyny belentde tutmagyň möhümdigini aýratyn nygtady.
Türkmen akademik saz sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Weli Muhadow milli opera žanrynyň kämilleşmeginde uly hyzmat bitirdi. Onuň «Ganly saka» ýaly dünýä derejesindäki eserleri türkmen medeniýetiniň altyn hazynasyna ömürlik girdi we häzirki nesiller üçin uly mekdep bolup hyzmat edýär.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.