Oýun sanawy


Türkmenistanyň paýtagtynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmaga gönükdirilen iri halkara çäresine taýýarlyk görülýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu forumyň we degişli serginiň guralyşy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Häzirki wagta çenli Hytaý Halk Respublikasynyň 80-den gowrak iri döwlet edaralary we maşyngurluşyk, energetika, sanly tehnologiýalar hem-de logistika ulgamlarynda işleýän kompaniýalary gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Hytaýly hyzmatdaşlar özleriniň iň täze tehnologik enjamlaryny we elektron senagatynyň gazananlaryny görkezmegi meýilleşdirýärler.
Maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşar. Forumyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we täze bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça jikme-jik pikir alşylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara söwda gatnaşyklaryny durnukly ösdürmäge uly üns berýändigini nygtady. Döwlet Baştutany meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede guralmagyny we ýurdumyzyň ykdysadyýetine innowasiýalary çekmekde netijeli bolmagyny tabşyrdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.