Oýun sanawy


Aşgabatda «ITTC 2026» halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
14 Awgust. 04:10Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda strategiýa taýdan möhüm ulag çatrygy bolup durýan Türkmenistanyň paýtagty iri halkara çärä taýýarlyk görýär. Noyabr aýynyň soňky günlerinde Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda «Halkara ulag-tranzit geçalgalary: özara baglanyşyklylyk we ösüş» diýlip atlandyrylan Bäşinji halkara forum hem-de ekspozisiýa amala aşyrylar. Bu giň gerimli meýdança sebitde ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmek boýunça esasy gepleşikleriň merkezine öwrüler.
Gämiçilik, demir ýollary, awtomobil ulaglary we awiasiýa edaralarynyň hem-de milli logistika merkezleriniň bilelikde guramagynda geçirilýän bu çäre onlarça döwletden ýüzlerçe hünärmenleri bir ýere jemlär. Taslama döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, özbaşdak işewürlik we maýa goýum düzümleriniň, şeýle hem logistika operatorlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin niýetlenendir.
Işewürlik maksatnamasynyň esasy ugurlary hökmünde Hazar deňziniň üsti bilen geçýän tranzit ugurlaryny, Orta geçalgany ösdürmek, sanly logistika ulgamlaryny ornaşdyrmak hem-de awiapoçta we ýük daşamalardaky innowasion çözgütler seçilip alyndy. Mundan başga-da, forumyň çäklerinde B2B we B2G formatynda iki taraplaýyn duşuşyklar geçirilip, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Guramaçylaryň çaklamalaryna görä, bu çärä dünýäniň 25-den gowrak ülkesinden 500-den gowrak delegatlar, müňlerçe professional hünärmenler we 100-den gowrak iri kompaniýalar gatnaşar. Ýöriteleşdirilen halkara sergi gatnaşyjylara öz innowasion tehnologiýalaryny görkezmäge we täze hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny baglaşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Ýazylmak we goşmaça maglumat almak üçin:
Tel.: +993 61 480080
Saýt: ittc-tm.com
Sizi ITTC 2026-nyň bir bölegi bolmaga hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, öz çözgütleriňizi hödürlemek we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyrýarys.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.