Oýun sanawy

Aşgabatda tölegli awtoduralgalaryň täze tertibi güýje girdi

02 Aprel. 09:46

Çeşme

Türkmenistanyň paýtagtynda jemgyýetçilik awtoduralgalaryny gurnamagyň we olardan peýdalanmagyň tertibi hakyndaky düzgünnama güýje girdi. Bu resminama şäher häkimligi tarapyndan tassyklanyp, Adalat ministrliginde resmi hasaba alyndy. Täze kadalaryň esasy maksady paýtagtyň köçe-ýol ulgamyndaky dyknyşyklary azaltmakdan, şäher çägini tygşytly ulanmakdan hem-de ulaglaryň gurşawa ýetirýän zyýanly täsirini peseltmekden ybaratdyr.

Düzgünnamada duralga ýerleriniň ölçeglerine we guralyşyna bildirilýän talaplar anyk kesgitlenildi. Ýeňil we ýük ulaglary üçin aýratyn ölçegdäki meýdançalar göz öňünde tutulyp, duralgalaryň 10 göterime çenli bölegi maýyplygy bolan şahslaryň ulaglaryna niýetlendi. Şeýle hem, duralgalaryň çäginde hereket etmegiň iň ýokary tizligi we awtoulaglaryň arasyndaky geçelgeleriň inli bolmagy ýaly howpsuzlyk kadalary bellenildi.

Ulanmagyň tertibine görä, her bir sürüji duralga girende ýörite resminama (talon ýa-da karta) almaga borçludyr. Şununda, ilatyň durmuş taýdan goralmaga mätäç gatlaklary, şol sanda uruş weteranlary we maýyplygy bolan adamlar üçin duralga hyzmatlary mugt esasda amala aşyrylýar. Mundan başga-da, gysga wagtyň dowamynda (15 minutdan geçmese) ýük düşürmek ýa-da ýolagçy mündürmek üçin durmak mugt diýlip bellenildi.

Töleg hyzmatlary ulagyň görnüşine we duralgada duran wagtyna görä hasaplanylýar. Hasaplaşyklar hem nagt, hem-de sanly ulgam arkaly nagt däl görnüşde amala aşyrylyp bilner. Döwlet eýeçiligindäki duralgalardan gelip gowuşýan serişdeler Aşgabat şäheriniň abadanlaşdyryş we ýol-abatlaýyş işlerini maliýeleşdirmäge sarp ediler. Hususy duralgalaryň girdejileri bolsa salgytlar tölanynden soň, olaryň maddy-tehniki binýadyny ösdürmäge gönükdiriler.

















Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça halkara okuw çäresi açyldy

08 Sen. 18:39

Çeşme

Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» diýlip atlandyrylan 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň hem-de Halkara okean institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu çäre 18-nji sentýabra çenli dowam eder. Аçylyş dabarasynda BMG-niň we beýleki öňdebaryjy halkara guramalaryň wekilleri çykyş edip, Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyna, suwuň çekilmeginiň sebäplerine we deňiz hukugyna aýratyn üns berilýändigini nygtadylar.

2013-nji ýyldan bäri geçirilýän bu bilim maksatnamasynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlardan hem-de Hytaýdan 175 sany hünärmen öz hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň деми bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň möhüm ähmiýeti barada pikir alşyldy.