Oýun sanawy


Aşgabatda sanly söwdanyň kadalaşdyryjy binýadyny kämilleşdirmegiň ýollary kesgitlenildi
14 Maý. 14:57Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldamagynanda guralan «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasynyň çäklerinde Aşgabatda möhüm okuw maslahatlary geçirildi. Iki günüň dowamynda dowam eden bu çäreler ýurdumyzda sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirýän hukuk gurşawyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirildi. Maslahatyň esasy wezipesi sebitiň hukuk binýadyna berlen seljermeleriň netijeleri bilen tanyşdyrmakdan we täze kanunçylyk tekliplerini taýýarlamakdan ybarat boldy.
Maslahatlara döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň 60-a golaý wekili gatnaşyp, olar sanly ykdysadyýete geçişiň amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň ilkinji güni telekeçileriň gatnaşmagynda geçirilip, onda Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) elektron täjirçilik baradaky Ylalaşygynyň taslamasyndaky kadalar öwrenildi. Hususy pudagyň wekilleri onlaýn-tölegleri amala aşyrmakda we daşary ýurt bazarlaryna sanly kanallar arkaly çykmakda ýüze çykýan kynçylyklary beýan edip, telekeçiligi goldaýan deňagramly kanunlaryň zerurdygyny nygtadylar.
Ikinji iş gününde döwlet düzümleriniň wekilleri üçin HSM-iň bilermenleri tarapyndan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda geçirilen seljermeleriň netijeleri tanyşdyryldy. DTRRA usulyýeti boýunça geçirilen bu barlaglar Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň halkara kadalara we BSG-niň öňdebaryjy tejribelerine laýyklygyny kesgitlemäge kömek etdi. Seljermäniň netijesinde ýurdumyzda sanly söwdany ulgamlaşdyrmak we ony hukuk taýdan berkitmek boýunça anyk maslahatlar we teklipler işlenip düzüldi.
Bu okuw maslahatlary döwlet bilen hususyýetçileriň arasyndaky gepleşikleriň täze tapgyryna öwrülip, amatly maýa goýum gurşawyny döretmäge itergi berdi. Taslamanyň çäklerinde alnyp barylýan işler kiçi we orta telekeçiligiň halkara derejesindäki bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagy maksat edinýär. Geçirilen çäreleriň netijeleri Türkmenistanyň dünýäniň sanly söwda ulgamyna has işjeň goşulyşmagyna we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.