Oýun sanawy

Fransiýadan gelen ahalteke aty Ýewropanyň çempiony boldy

06 Sen. 08:16

Çeşme

Niderlandlaryň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşigi we atly sport boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. THP-niň habar berşi ýaly, çäräniň esasy wakasy hökmünde 25 ýurtdan getirilen 100-den gowrak saýlama ahalteke atynyň arasynda Ýewropanyň gözellik çempiony kesgitlendi. Bäsleşigiň netijelerine görä, Fransiýada ýetişdirilen «Ýyndam» atly bedew arassa ganlylygy, kämil beden gurluşy we altyn öwsýän reňki bilen eminleriň ýokary bahasyna eýe bolup, Ýewropanyň çempiony diýlip yglan edildi.

«Türkmen atlary» döwlet birleşigi ile Ýewropanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň bilelikde guramagynda geçýän bu dünýä çempionaty 6-njy sentýabrda tamamlanýar. Gazanylan bu uly üstünlik Ýewropa ýurtlarynda meşhur ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanmanyň we sarpanyň yzygiderli artýandygyny ýene bir gezek subut etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär

26 Okt. 11:00

Çeşme

UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.

Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌