Oýun sanawy

Meşhur fransuz pianisti Kristin Fonlýupt Aşgabatda ilkinji gezek konsert berer

08 Aprel. 07:50

Çeşme

Aşgabadyň medeni durmuşynda halkara derejeli möhüm waka garaşylýar: 10-njy aprelde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda fransiýaly belli pianist Kristin Fonlýupt çykyş eder. Bu aýdym-sazly agşam Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda geçirilip, iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň täze sahypasyny açar. Konsert sagat 19:00-da başlap, nusgawy saz muşdaklaryna ýatdan çykmajak pursatlary sowgat eder.

Konsertiň maksatnamasy fransuz saz sungatynyň iň naýbaşy eserlerini özünde jemleýär. Tomaşaçylar Klod Debýussi, Moris Rawel, Žorž Bize, Sesil Şaminad we Mel Boni ýaly dünýä meşhur kompozitorlaryň eserlerini diňläp bilerler. Bu eserleriň saýlanyp alynmagy fransuz sazynyň özboluşly öwüşginini, näzikligini we çuňlugyny türkmen diňleýjilerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Fransuz institutynyň maglumatlaryna görä, Kristin Fonlýupt häzirki zaman fortepiano sungatynyň iň öňdebaryjy wekilleriniň biri hasaplanýar. Ol öz karýerasynda Pariž filarmoniýasy, Opera Komik teatry we meşhur Korto zaly ýaly dünýäniň iň abraýly sahnasynda çykyş etdi. Pianistiň halkara festiwallardaky şowly çykyşlary we beýleki sungat ussatlary bilen amala aşyrýan bilelikdäki taslamalary onuň ýokary hünär derejesiniň aýdyň subutnamasydyr.

Sahnadaky çykyşlaryndan başga-da, Kristin Fonlýupt mugallymçylyk we döredijilik ýolbaşçylygy bilen hem işjeň meşgullanýar. Ol Arteka 11 assosiasiýasynyň çeper ýolbaşçysy bolmak bilen, Parižiň Milli konserwatoriýasynda we beýleki abraýly saz mekdeplerinde ýaş zehinlere tälim berýär. Aşgabatda geçiriljek bu täsin konsert ýurdumyzyň medeni giňişligini baýlaşdyryp, nusgawy sungata bolan gyzyklanmanyň has-da artmagyna ýardam eder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌