Oýun sanawy

Şanhaýda uzak uklamak boýunça täsirli ýaryş geçiriler

19 Mart. 11:25

Çeşme

Hytaýyň iň iri şäherleriniň biri bolan Şanhaýda özboluşly bäsleşik — uzak wagtlap uklamak boýunça ýaryş geçiriler. «Sohu» neşiriniň maglumatlaryna salgylanýan «Gazeta.ru» saýtynyň habar bermegine görä, bu geň galdyryjy çäre adaty bolmadyk şertleri we gyzykly baýragy bilen köpleriň ünsüni çekdi. Ýaryşyň esasy maksady adamyň uky ukybyny we dynç alyş medeniýetini barlamakdan ybaratdyr.

Ýaryşyň şertlerine görä, gatnaşyjylara açyk tebigatyň goýnunda, ýörite taýýarlanan ýerlerde tä özleri oýanýança uklamak teklip edilýär. Bäsleşikde iň uzak wagtlap ukyda galmagy başaran ýeňijä 430 dollar möçberinde pul sylagy garaşýar. Internet ulanyjylaryň arasynda eýýäm uly meşhurlyk gazanan bu ýaryşyň geljekki ýeňijisini köpler degişme äheňinde «Ukynyň hudaýy» diýip atlandyrdylar.

Ýaryşa gatnaşmaga isleg bildirenleriň sany guramaçylaryň garaşanyndan has köp boldy. Hasaba alyş işleri açylanyndan gysga wagtyň içinde 100-den gowrak adam ýüz tutdy. Häzirki wagtda iki tapgyrda geçiriljek bu bäsleşik üçin ähli boş orunlar eýýäm dolduryldy. Bu bolsa häzirki zaman jemgyýetinde adamlaryň dynç almaga we gündelik işlerden sypmaga bolan isleginiň ýokarydygyny görkezýär.

Sosial torlarda bu bäsleşik köpler tarapyndan «ýatyp pul gazanmagyň aňsat usuly» diýlip degişme bilen atlandyrylsa-da, guramaçylar çäräniň has çuňňur manysynyň bardygyny nygtaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, ýaryşyň esasy maksady tebigatda dynç almagy wagyz etmek we adamlaryň uka bolan akylly-başly çemeleşmesini kemala getirmekdir. Şeýle çäreler stresli şäher durmuşynda sagdyn uky uly ähmiýetini ýene-de bir gezek ýatladýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌