Oýun sanawy


Türkmenistanly UFC göreşijisi Dowletjan Ýagşymyradow Dubaýda geçirilen Professional Fighters League (PFL) ýaryşynda ýeňil agramdaky çempionlyk guşagyny gorap bilmedi. Amerikaly Kori Anderson bilen bolan garşylykly söweşde eminleriň karary bilen ýeňlişe sezewar boldy. Bu ýeňliş onuň yzly-yzyna gazanan ýedi ýeňşiniň soňy boldy.
Ýagşymyradow bu söweşe uly üstünlik bilen geldi — 2024-nji ýylyň noýabrynda ol Impa Kasanganay bilen bolan final duşuşygynda birinji raundda nokaut bilen ýeňiş gazanyp, PFL-niň ýeňil agramdaky çempiony bolupdy.
Söweşiň başynda türkmen türgeni howpsuz hereket edip, garşydaşyna güýçli urgular bilen basyş görkezdi we dik duruşda doly gözegçilikde saklady. Ýöne wagtyň geçmegi bilen Anderson göreşi öz peýdasyna öwrüp, ýerüsti göreşde artykmaçlygyny görkezdi. Dördünji raund Ýagşymyradow üçin has kyn bolup, ol ýerde doly basyş astynda galdy.
Bu Ýagşymyradowyň Anderson bilen bolan ikinji garşylygynda hem ýeňilmegidir — ilkinji duşuşyk 2021-nji ýylyň aprelinde Bellator 257 ýaryşynda bolup geçipdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.