Oýun sanawy

Türkmen talyplary CAVA-2026 uniwersiadasynyň altyn medallaryny eýelediler

20 Aprel. 11:01

Çeşme

Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen «CAVA 2026 Men's and Women's Universiade Games» atly halkara sport ýaryşynda Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýygyndy topary uly ýeňiş gazandy. Merkezi Aziýanyň woleýbol assosiasiýasynyň (CAVA) gurnan bu abraýly bäsleşiginde türkmen türgenleri birinji orny eýeläp, ýaryşyň çempiony boldular.

Bu halkara sport forumynda Türkmenistanyň adyndan ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplardan düzülen ýygyndy topar çykyş etdi. Ýaş woleýbolçylar ýaryşyň dowamynda özleriniň ussatlygyny we durnukly oýun strategiýasyny görkezip, iň güýçli toparlaryň arasynda tapawutlanmagy başardylar.

Ýaryşyň iň gyzykly pursady bolan final duşuşygynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň toparlary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda türkmen türgenleri utgaşykly hüjümleri we berk goranyşy bilen garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Netijede, 3:1 hasabynda ýeňiş gazanan Türkmenistanyň ýygyndysy uniwersiadanyň altyn medalyna mynasyp boldy.

Hünärmenleriň we janköýerleriň pikiriçe, talyplaryň gazanan bu taryhy üstünligi türkmen sportunyň halkara derejesindäki abraýynyň täze belentliklere çykýandygynyň subutnamasydyr. Sebit derejesindäki bu ýeňiş ýurtda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli miwesidir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy

Bugün 05:10

Çeşme

Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.

Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.

Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌