Oýun sanawy


Waşingtonda geçirilen UFC Freedom 250 turniriniň netijeleri we goşmaça baýraklar yglan edildi
15 Iýun. 12:32UFC guramasynyň Waşingtonda, Ak tamyň çäginde guran taryhy UFC Freedom 250 turniri ýeňil agramda täze çempionyň kesgitlenmegi we agyr agramda wagtlaýyn kemeriň eýesini tapmagy bilen tamamlandy. Tutluşyklar tamamlanandan soň, UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýt söweşijilere beriljek maliýe bonuslaryny mälim etdi.
Agşamyň baş söweşinde Jastin Getji dördünji raunddan soň duşuşygy dowam etdirip bilmedik Iliýa Topuriýany ýeňip, çempion boldy. Agyr agram derejesinde wagtlaýyn çempionlyk ugrundaky tutluşykda bolsa, Siril Gan ikinji raundda Aleks Pereýrany tehniki nokaut bilen ýeňmegi başardy.
Ýaryşyň beýleki duşuşyklarynyň netijeleri:
Diego Lopes Stiw Garsiýany nokauta düşürdi (2-nji raund);
Bo Nikal Kaýl Dakasdan tehniki nokaut bilen üstün çykdy (1-nji raund);
Maurisio Ruffi Maýkl Çendleri tehniki nokaut bilen ýeňdi (1-nji raund);
Joş Hokit Derrik Lýuisi tehniki nokautda utdy (2-nji raund);
Şon O'Melli Aýmann Zahabini nokauta gidirdi (1-nji raund).
Getji bilen Topuriýanyň arasyndaky tutluşyk «Agşamyň iň gowy söweşi» diýlip saýlandy we sportçylaryň her birine 400 müň dollar möçberinde bonus berildi. Şeýle-de, Jastin Getji we Siril Gan şowly çykyşlary üçin «Agşamyň iň gowy çykyşy» diýen ugurda 425 müň dollar pul baýragyna mynasyp boldular.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.