Oýun sanawy


Londonyň meşhur «Chessington World of Adventures» dynç alyş merkeziniň çäginde 2027-nji ýylda dünýäde ilkinji gezek «Minecraft» wideo oýnunyň ähenindäki uly göwrümli tematiki seýilgäh açylar. «Variety» neşiriniň habar bermegine görä, bu täsin taslamanyň gurluşyk işleri üçin takmynan 70 million dollar möçberinde maýa goýum goýulmagy meýilleşdirilýär.
Taslamany amala aşyrmak üçin oýnuň awtory bolan «Mojang Studios» hem-de dünýäniň öňdebaryjy dynç alyş merkezlerini dolandyrýan «Merlin Entertainments» kompaniýalary özara hyzmatdaşlyk ederler. Bu seýilgäh ähli döwürleriň iň köp satylan wideo oýnuny wirtual giňişlikden fiziki dünýä geçirmekde taryhy ädim bolar. Taslamanyň awtorlary «Minecraft» äleminiň özboluşly blokly gurluşyny we gurşawyny hakyky durmuşda janlandyrmagy maksat edinýärler.
Seýilgähiň meýilnamasynda diňe bir döwrebap attraksionlar däl, eýsem oýundaky sýužetlere esaslanan interaktiw kwestler we bloklar stilinde bezelen ýörite oýun zolaklary hem ýerleşer. Şeýle hem, gelýän myhmanlar üçin oýnuň ähenindäki tematiki dükanlar we üýtgeşik dizaýnly restoranlar hyzmat eder. Bu ýer oýnuň muşdaklary üçin wirtual dünýäniň hakyky duýgularyny başdan geçirmäge mümkinçilik berer.
«Minecraft World» taslamasy diňe bir çagalar üçin däl, eýsem bu oýnuň millionlarça ýaş we uly ýaşly muşdaklary üçin hem iň gyzykly dynç alyş merkezleriniň birine öwrüler diýlip garaşylýar. Londonyň syýahatçylyk pudagyna täze itergi berjek bu taslama, sanly dünýä bilen hakyky durmuşyň utgaşmasynyň täze nusgasyny görkezer.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.