Oýun sanawy


Dünýä belli Instagram durmuş ulgamy täze aýratynlygy — ýerleşdirilen teswirleri üýtgetmek funksiýasyny girizdi. Indi platformanyň agzalary ýazan tekstlerinde goýberilen harp ýalňyşlaryny ýa-da beýleki kemçilikleri ýazgyny öçürmezden we täzeden goýmazdan düzetmek mümkinçiligine eýe boldular.
Täze düzgünlere görä, teswiri ýerleşdirilenden soňra 15 minudyň dowamynda oňa islendik düzedişi girizmek bolýar. Bu wagtyň içinde ulanyjy tekstiň mazmunyny üýtgedip ýa-da oňa goşmaça maglumat goşup bilýär, girizilýän düzedişleriň sany bolsa çäklendirilmeýär.
Bu funksiýany ulanmak üçin teswiriň sazlamalar menýusyndan degişli bölümi saýlamaly. Düzetme girizileninden soňra, beýleki ulanyjylara habar bermek maksady bilen, ýazgynyň aşagynda onuň redaktirlenendigi baradaky ýörite bellik görkeziler.
Platformanyň işjeň ulanyjylarynyň sanynyň yzygiderli artmagy bilen, şeýle tehniki amatlyklaryň ornaşdyrylmagy hyzmatyň hilini ýokarlandyrýar. Ozal teswiri diňe öçürmek arkaly düzedip bolýan bolsa, täze ulgam wagty tygşytlamaga we has amatly gatnaşyk saklamaga ýardam edýär.
Şeýle hem okanyň


Resmi Apple dükanynda öňki nesil iPhone modelleriniň bahalary ýokarlandy
10 Sen. 15:35Apple kompaniýasy täze iPhone 18 Pro we iPhone Duo modellerini tanyşdyrandan soňra, özüniň resmi onlaýn-dükanynda öňki nesil smartfonlarynyň bahalaryny täzeledi. Dünýä bazarynda täze flagmanlaryň 100 dollar gymmatlamagy sebäpli, öň çykarylan smartfonlaryň bahalary hem deň derejede ýokarlandyryldy.
Täzelenen nyrhlara görä, iPhone 17e modeliniň bahasy 699 dollara, iPhone 16 bosa 799 dollara ýetdi. Şeýle hem iPhone 17 smartfony 899 dollardan, iPhone Air modeli bolsa 1099 dollardan satlyga hödürlenip başlandy. Adatça bolşy ýaly, kompaniýa öňki flagmanlary bolan iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modellerini resmi dükandan aýyrdy.
Nyrhlaryň bu görnüşde ýokarlanmagy barada bilermenler hem-de Apple kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Tim Kuk tarapyndan öňümizdäki aýlarda duýdurylypdy. Elektronika önümleriniň gymmatlamagyna emeli aň maglumat merkezleriniň artýan zerurlyklary sebäpli dörän ýat çipleriniň ýetmezçiligi esasy sebäp hökmünde görkezilýär.