Oýun sanawy


Daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary Gahryman Arkadagymyzy doglan güni mynasybetli gutladylar
29 Iýun. 06:42Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryndan, Hökümet ýolbaşçylaryndan hem-de abraýly halkara guramalaryň wekillerinden doglan güni mynasybetli mähirli gutlag hatlary we telegrammalary gelip gowuşýar. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, daşary ýurtly resmiler öz gutlaglarynda Gahryman Arkadagymyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýyny, parahatçylygy we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren taryhy hyzmatlaryny aýratyn belleýärler.
Milli Liderimizi doglan güni mynasybetli goňşulyk we doganlyk ýurtlaryň Baştutanlary — Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli gutladylar. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý öz hatlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösüşini goldaýandyklaryny tassykladylar.
Mundan başga-da, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny ýolladylar. Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger we GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý dagylar hem öz gutlaglarynda medeni-ynsanperwer we parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.