Oýun sanawy

Volkswagen we Audi bütin dünýä boýunça 2,1 milliondan gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

26 Sen. 10:57

Çeşme

German awtomobil öndürijisi Volkswagen we onuň golçur kompaniýasy Audi rul mehanizmindäki hyrly birleşdirijide ýüze çykyp biljek çiddi näsazlyklar sebäpli bütin dünýä boýunça 2,1 milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Umumygerman awtomobil klubynyň (ADAC) berýän maglumatlaryna görä, atalgy näsazlyk ulagyň rul dolandyryş ulgamynyň doly hatardan çykmagyna we ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirip biler.

Yzyna çagyryş kampaniýasy 2017-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 23-nji maýyna çenli öndürilen Audi Q3, şeýle hem 2013-nji ýylyň 24-nji sentýabryndan 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli çykarylan VW Golf, Golf Variant, Tiguan, Touran we Caddy modellerini öz içine alýar. Öndürijiniň resmi düşündirişine görä, käbir ýagdaýlarda poslama sebäpli rul mehanizminiň hyrly birleşdirijisindäki bolt döwülmäge we ulagyň dolandyryşyny kynlaşdyrmaga ukyplydyr.

Ady agzalan awtoulaglaryň eýelerine gyssagly ýagdaýda ýöriteleşdirilen servis merkezlerine we awtoulag ussahanalaryna ýüz tutmak maslahat berilýär. Şol ýerde hünärmenler tarapyndan rul mehanizminiň hyrly birleşdirijisi barlanar hem-de näsaz şaylar poslama durnukly täze görnüşleri bilen mugt çalşyrylar.

Şeýle hem үstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda Volkswagen kompaniýasy ABŞ-nyň bazarynda 208,7 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrypdy. Şol wagtky kampaniýa 2018-nji ýylda çykarylan Tiguan, 2018–2019-njy ýyllaryň Atlas we 2019–2021-nji ýyllaryň Audi Q3 modellerine degişli bolup, ol hem rul reýkasynyň boltunyň möhletinden öň poslamagy hem-de döwülmek töwekgelçiligi bilen baglanyşdyrylypdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌