Oýun sanawy


«Real-yň» 50 müň sahypalyk arzasyndan soň UEFA «Barselona» garşy derňewi täzeden başlatdy
02 Okt. 10:55Ýewropa futbol birleşigi (UEFA) Madridiň «Real» kluby tarapyndan berlen 50 müň sahypalyk resminamalar toplumyny öwrenip, «Barselona» garşy «Negreýra işi» boýunça derňew çärelerini gaýtadan başlady. Kataloniýalylar 2001–2018-nji ýyllar aralygynda Ispaniýanyň eminler komitetiniň başlygynyň orunbasary bolan Enrikes Negreýra 8,4 million ýewro tölemekde aýyplanýar. Madridliler bäsdeşiniň şol ýyllarda gazanan ähli kuboklarynyň ýatyrylmagyny talap edýärler. Eger-de UEFA «Barselonanyň» eminleriň kararyna täsir etmäge synanyşandygyny subut etse, klub Ýewropa kuboklaryndan çetleşdirilip bilner.
«Barselona» bolsa öz gezeginde «Real Madridiň» prezidenti Florentino Peresi töhmet atmakda aýyplap kazyýete ýüz tutdy. Taraplaryň kazyýet diňlenişigi 25-nji noýabrda Madridde geçiriler. Şol bir wagtyň özünde, meýdança dörän dartgynlylyga garamazdan, kataloniýalylar Ispaniýanyň çempionatynda yzly-yzyna ýedi gezek ýeňiş gazanyp, birinji orunda barýarlar we Çempionlar ligasynda hem «Feýenoordy» 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.