Oýun sanawy


Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda döwlet ähmiýetli birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Maslahatyň dowamynda halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirilen täze kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we olar biragyzdan tassyklanyldy. Şeýle hem ýakynda geçirilen saýlawlaryň netijeleri esasynda täze saýlanan deputatlaryň ygtyýarlyklary resmi taýdan ykrar edildi we parlament komitetleriniň düzümi täzelendi.
Kabul edilen täze kanunçylyk namalary ykdysadyýet, maliýe we senagat howpsuzlygy ýaly strategik ugurlary öz içine alýar. Hususan-da, Administratiw hukuk bozulmalary, buhgalterçilik hasaba alnyşy, migrasiýa we balyk tutmak pudaklaryna degişli kanunlara girizilen üýtgetmeler ýurduň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu özgertmeler milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegine we döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Maslahatyň gün tertibinde adam hukuklaryny goramak meselesine hem aýratyn orun berildi. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy öz edarasynyň alyp baran işleri we ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. Bu hasabat parlamentde demokratik prinsipleri we halkara ynsanperwerlik kadalaryny durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň görkezijisidir.
Parlamentiň maslahatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna görülýän taýýarlyk we parlamentara diplomatiýasyny ösdürmek meselelerine hem seredildi. Deputatlar dünýä döwletleriniň parlamentleri we halkara guramalary bilen tejribe alyşmagyň ähmiýetini nygtadylar. Ýurduň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny wagyz etmek we global derejede özara ynanyşmagy pugtalandyrmak parlamenaryň öňünde duran esasy wezipeleriň biri hökmünde bellenildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.