Oýun sanawy


Türkmenistan we Seýşeller Respublikasy diplomatik gatnaşyklaryň täze tapgyryna gadam basýarlar
29 Aprel. 17:02Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda taryhy ähmiýetli diplomatik duşuşyk geçirildi. Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy özüniň ilkinji resmi sapary bilen Aşgabada geldi. Bu gepleşikler iki döwletiň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň binýadyny tutmakda we özara bähbitli ugurlary kesgitlemekde strategik ädim hökmünde häsiýetlendirilýär.
Gepleşikleriň esasy bölegi halkara giňişligindäki başlangyçlara we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna gönükdirildi. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara goldaw bermegiň we häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini tassykladylar. Şunuň bilen birlikde, Seýşeller Respublikasynyň halkara parahatçylyk we durnuklylyk ugrundaky hyzmatdaşlyk platformalaryna işjeň gatnaşmagy boýunça pikir alşyldy.
Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine, hususan-da söwda dolanyşygyny artdyrmaga uly üns berildi. Ulag-logistika düzümi, dokma senagaty we syýahatçylyk pudaklary geljekki taslamalaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenilip geçildi. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki işewürlik maslahatlaryny we sergileri guramak barada ylalaşyklar gazanyldy.
Gepleşikleriň jemleýji tapgyrynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy. Bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda tejribe alyşmak maksady bilen, iki döwletiň paýtagtlarynda Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklipler öňe sürüldi. Bu başlangyçlar iki halkyň medeni gymmatlyklarynyň ýakynlaşmagyna we taryhy dostlukly gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyna ýardam berer.
Şeýle hem okanyň


Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçisi türkmen metbugat wekilleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy
24 Okt. 13:042026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Şener Jebeji Ilçihananyň resmi rezidensiýasynda türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen tanyşlyk ertirlik naharyny gurady. Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçirilip, iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary hem-de syýahatçylyk ugry boýunça gazanylan sepgitleri jemlemäge we täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.
Dostlukly duşuşygyň dowamynda Ilçi Şener Jebeji metbugatyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky köprüleri berkidýän hem-de dostlukly gatnaşyklary geljege ugrukdyrýan iň güýçli sütünleriň biridigini aýratyn belledi. Şol bir wagtda ol TRT-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleriniň we «TRT Awaz» teleýaýlymynyň bütin türki dünýäsine ugrukdyrylan alyp berişleriniň bu ugurda nusgaly mysaldygyny nygtady. Ilçi Türkmenistanyň döwlet we hususy habar beriş serişdeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge açykdyklaryny beýan etdi.
Duşuşykda soňky döwürde Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasynda guralan netijeli saparlar we kabul ediş maksatnamalary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Türkiýäni Ösdürmek Agentligi (TGA) tarapyndan Gaziantepde we Şanlyurfada türkmenistanly iki žurnalist kabul edildi. Olar 30-njy sentýabr – 4-nji oktýabr aralygynda Şanlyurfa howa menzilinde geçirilen «TEKNOFEST» awiasiýa, kosmos we tehnologiýalar halkara festiwalynyň çärelerine ýakyndan gatnaşdylar.
Mundan başga-da, TGA hem-de «Türk howa ýollary» (THY) kompaniýasynyň Aşgabat wekilhanasynyň hyzmatdaşlygynda, Türkiýäniň Ilçihanasynyň goldamagynda 2026-njy ýylyň 10–14-nji oktýabry aralygynda 11 adamdan ibarat türkmen wekiliýeti (10 metbugat wekili we ýerli işgär) Çanakkale we Balykesir welaýatlaryna sapar etdi. Žurnalistler saparyň çäklerinde Zeýtun ýagy muzeýinde, Kaz daglarynda, Assos hem-da Troýa gadymy şäherlerinde, Troýa muzeýinde, Gelibolu taryhy zolagynda we Çanakkala şehitleriniň ýadygärliginde bolup, sebitiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdylar. Umumylykda, 2023–2026-njy ýyllarda geçirilen 14 sany kabul ediş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan jemi 84 adam Türkiýäniň dürli sebitlerinde myhmançylykda boldy.
Iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk ugry bоýunça görkezijiler hem çalt depginler bilen artýar. Maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Türkiýä gelen myhmanlaryň sany 151 887 adama ýetip, bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim artdy. Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy hem global derejede uly üstünlikleri gazanýar: 2017-nji ýylda dünýäde iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň arasynda 8-nji orunda duran Türkiýe 2024-nji ýylda 4-nji orna geçdi. Ýurt 2025-nji ýylda 64 million myhmany kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji bilen rekord goýan bolsa, 2026-njy ýylda 68 milliard dollar girdejä ýetmegi maksat edinýär.
Duşuşygyň soňunda Ilçi Şener Jebeji bu tanyşlyk ertirlik naharynyň geçirilen saparlary jemlemek we geljekde bilelikde ädilip bilinjek täze ädimleri maslahatlaşmak üçin örän gymmatly mümkinçilik bolandygyny tassyklady. Ol Ilçihananyň metbugat wekillerinden gelip gowuşjak ähli hyzmatdaşlyk tekliplerini seljermäge taýýardygyy hem-da bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan razy boljakdygyny bilidirdi.
Şeýle hem diplomatik wekilçiligiň ýolbaşçysy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze ýokary derejä çykarjak möhüm ýokary derejeli sammitlere we ýubileý çärelerine yzygiderli taýýarlyk görülýändigini belledi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk syýasy erk-islegine daýanyp, Ilçihana ikitaraplaýyn birleşikde we iki doganlyk halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek ugrundaky işlerini durnukly dowam etdirer.