Oýun sanawy


«Galkynyş» topary Stambulda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dabaralandyrar
06 Maý. 13:40Türkmenistanyň dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu ýylyň 21–24-nji maýy aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek VIII Etnosport medeniýet festiwalyna gatnaşar. 25 adamdan ybarat wekiliýete Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew ýolbaşçylyk eder. Bu abraýly çärede türkmen ýigitleri ahal-teke bedewleriniň üstünde özboluşly çalasynlygy we ussatlygy görkezip, milli mirasymyzy halkara derejesinde tanyşdyrarlar.
Bütindünýä etnosport birleşigi tarapyndan guralýan bu festiwal däp bolşy ýaly Atatürk adyndaky howa menziliniň çäginde bolar. Dört günüň dowamynda myhmanlar diňe bir at üstündäki oýunlary däl, eýsem dürli halklaryň däp bolan sport görnüşlerini, halk senetçiligini we milli aşhanasyny synlap bilerler. Şeýle hem gatnaşyjylara ýaýdan ok atmak we çarwa durmuşy bilen tanyşmak ýaly gyzykly mümkinçilikler hödürlener.
«Galkynyş» topary bu festiwalyň iň garaşylýan gatnaşyjylarynyň biridir. Geçen ýyl Stambulda geçirilen VII Etnosport festiwalynyň esasy nyşanyna öwrülen türkmen çapyksuwarlary, özleriniň täsirli çykyşlary bilen dünýäniň çar künjeginden gelen tomaşaçylary haýran galdyrypdy. Toparyň baý tejribesi we 2025-nji ýylda Monte-Karloda gazanan uly ýeňşi (sirk sungatynyň baş baýragy) olaryň halkara sirk we atçylyk sungatyndaky ýokary derejesiniň subutnamasydyr.
Festiwala girişiň mugt bolmagy bu medeni dabaranyň has-da köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna şert döredýär. Serdar Pygyýewiň belleýşi ýaly, topar türkmen medeniýetini we behişdi bedewlerini mynasyp derejede görkezmäge doly taýýardyr. Bu sapar hem doganlyk Türkiýede ahal-teke bedewleriniň şan-şöhratynyň has-da belende göteriljekdigine uly ynam bildirilýär.
Şeýle hem okanyň


Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
24 Okt. 10:17«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.
Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.