Oýun sanawy

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Aziýa oýunlarynyň ýarym finalyna çykdy

27 Aprel. 08:05

Çeşme

Hytaý Halk Respublikasynyň Sanýa şäherinde geçirilýän VI Aziýa kenarýaka oýunlarynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary kenarýaka gandboly boýunça uly üstünlik gazandy. Toparçalaýyn tapgyryň jemleýji oýunlaryndan soňra, biziň türgenlerimiz özleriniň ýokary taýýarlyk derejesini subut edip, ýaryşyň ýarym finalyna çykmagy başardylar.

"B" toparçasynda çykyş eden türkmen gandbolçylary üç sany jogapkärli duşuşygy geçirdiler. Ilki bilen Şri-Lankanyň ýygyndysyny ynamly utmagy başaran türgenlerimiz, soňra meýdança eýeleri bolan Hytaýyň toparyna ýol berdiler. Emma Mongoliýa bilen bolan soňky we örän dartgynly oýunda görkezilen erjellik netijesinde, toparçany ikinji orun bilen tamamladylar.

Indiki tapgyrda, ýagny 28-nji aprelde geçiriljek ýarym final duşuşygynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysyna Wýetnamyň güýçli topary garşy durar. Beýleki jübitlikde bolsa finala çykmak ugrunda Hytaýyň we Tailandyň türgenleri bäsleşer. Bu çekeleşikli oýunlar ýaryşyň umumy reýtingine we baýrakly orunlaryna göni täsir eder.

Gülendam Narbaýewanyň we Marina Diwanowanyň tälimçiligindäki bu ýygyndy topar Sanýadaky halkara sport forumynda ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp goraýar. 30-njy aprele çenli dowam etjek bu uly gölemli ýaryşda sportuň 14 görnüşi boýunça medallar ugrunda göreş alnyp barylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär

26 Okt. 11:00

Çeşme

UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.

Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌