Oýun sanawy


Türkmenistan Minsk şäherindäki halkara kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy
18 Mart. 15:34Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy 17-nji martda öz gapylaryny açan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň milli pawilýonyny dabara bilen tanyşdyrdy. Bu halkara forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilip, oňa dünýäniň 23 döwletinden 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy. Milli diwarlygyň açylmagy türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge hyzmat edýär.
Şu ýylky serginiň esasy mowzuklarynyň biri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döredilmeginiň 35 ýyllygy boldy. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan taýýarlanan milli pawilýon sergä gelýän myhmanlara ýurdumyzyň baý edebi mirasy we häzirki zaman neşirýat önümleri bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. Diwarlykda ýerleşdirilen gymmatlyklar GDA ýurtlarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmen diwarlygynyň mazmunynyň esasyny Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň eserleri düzdi. Mundan başga-da, pawilýonda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan ýörite neşirler hem görkezildi. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň daşary ýurt dillerine terjime edilen eserleri daşary ýurtly okyjylaryň we hünärmenleriň aýratyn ünsüni çekdi.
Milli pawilýonyň bezegi diňe bir kitaplar bilen çäklenmän, eýsem elde dokalan nepis türkmen halylary we milli nagyşly lybaslar bilen has-da baýlaşdyryldy. Sergä gelýänler ýurduň döwrebap binagärlik keşbini we medeni gymmatlyklaryny açyp görkezýän fotosuratlara syn etmäge mümkinçilik aldylar. 22-nji marta çenli dowam etjek bu halkara çäre türkmen medeniýetiniň dünýä ýüzündäki dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaýda geçirilen halkara forumyna gatnaşdylar
09 Sen. 10:34Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen «Migrasiýa gözegçiligi ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kiçi foruma» gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdylar. Gullugyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, forumyň çäklerinde Lýanyan şäherinde Hytaýyň Migrasiýa işleri boýunça müdirliginiň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin yzygiderli duşuşyklaryň täsirini nygtadylar.
Duşuşykda migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, ileri tutulýan ugurlar hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň orny barada pikir alşyldy. Taraflar däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, geljekki bilelikdäki işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.