Oýun sanawy

«Zehinli ýaşlar — türgenleriň täze nesli» atly sport bäsleşiklerine badalga berilýär

28 Aprel. 12:13

Çeşme

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýurduň geljekki çempionlaryny ýüze çykarmak maksady bilen, mekdep okuwçylarynyň we ýaş türgenleriň arasynda giň gerimli sport bäsleşiklerini yglan etdi. «Zehinli ýaşlar — türgenleriň täze nesli» şygary astynda geçiriljek bu çäreler ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga we hünär taýdan kämilleşmeklerine täze ýollar açmaga gönükdirilendir. Bäsleşikler maý aýynyň dowamynda institutyň döwrebap köpugurly sport toplumynda guralar.

Esasy ýaryşlar 4-nji maýdan başlap, iki tapgyrda amala aşyrylar. Birinji tapgyrda, ýagny 4-6-njy maý aralygynda gatnaşyjylar umumy beden taýýarlygy we tizlik-güýç ukyplary boýunça özara bäsleşerler. Ikinji tapgyrda bolsa (7-9-njy maý), sportuň oýun hem-de göreş görnüşleri boýunça ýörite test synaglary geçiriler. Bu ýaryşlar ýaşlaryň diňe bir fiziki ukyplaryny däl, eýsem saýlap alan sport ugrundaky professional taýýarlygyny hem görkezmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, maý aýynyň ortalaryndan başlap institutyň açyk çempionatlarynyň tapgyryna garaşylýar. Meýilnama laýyklykda, 12-14-nji maýda türkmen milli we guşakly göreş, 15-17-nji maýda grek-rim we erkin göreş, ahyrynda bolsa 22-24-nji maýda sambo boýunça iň güýçli türgenler kesgitleniler. Bu açyk çempionatlar ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylary üçin özboluşly hünär synagy bolar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri häzirki zaman sanly ulgamlar arkaly amala aşyrylýar. Isleg bildirýänler QR-kod ýa-da resmi elektron poçta arkaly onlaýn ýüz tutup bilerler, şeýle hem ýaryş başlamazdan öň göni institutyň özünde hasaba durmaga mümkinçilik döredilipdir. Bu sport çäreleri Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde we ýaş nesliň arasyndan dünýä derejesindäki türgenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌